Eýranda harby dikuçar heläkçilige uçrady

Dikuçar heläkçiliginde 5 esger ýaralandy

Eýranda harby dikuçar heläkçilige uçrady

 

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Eýranyň howa güýçlerine degişli harby dikuçar harby tälim uçuşyny amala aşyrýarka ýere gaçdy.

Chinook kysymly dikuçaryň tehniki näsazlyk sebäpli heläkçilige uçrandygy habar berildi.

Dikuçar heläkçiliginde 5 esgeriň ýaralanandygy ýatladyldy.

 

 

 


Etiketkalar: heläkçilik , dikuçar , Eýran

Degişli Habarlar