Bahreýnde 24-nji noýabrda saýlaw geçirler

Bahreýniň resmi habarlar gullugy BAN-nyň berýän habaryna görä, Bahreýniň Şasy Hamed Bin İsa Al Halife umumy saýlawlaryň 24-nji noýabrda geçiriljekdigini mälim etdi

Bahreýnde 24-nji noýabrda saýlaw geçirler

Halk deputatlygyna dalaşgärleriň ýüz tutmasy oktýabr aýynyň 17-21-i aralygynda kabul ediler.

Bahreýniň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlary Bahreýniň ilçihanalarynda, konsulluklarynda we diplomatik wekilhanalarynda 20-njy noýabrda ses berer.

Bahreýnde soň 16 ýylda 5-nji gezek umumy saýlawlar geçirler.

 


Etiketkalar: dalaşgär , saýlaw , Bahreýn

Degişli Habarlar