ABŞ Müsüre 65 million dollarlyk ýardam berer

ABŞ-nyň Halkara Ösüş gullugy tarapyndan Müsüre 65 million dollarlyk ýardam berler

ABŞ Müsüre 65 million dollarlyk ýardam berer

Müsüriň Maýa goýum we halkara ýardamlaşma ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, ady agzalýan ýardamyň Müsüriň günortasynda ýerleşýän 7 welaýatda infstruktura we saglygy goraýyş hyzmatlary üçin sarp ediljekdigi nygtaldy.

Müsüriň Maýa goýum we halkarda ýardamlaşma ministri Sabar Nasyr bilen ABŞ-nyň Halkara Ösüş gullugynyň Müsür boýunça ýolbaşçysy Çerri Karlin paýtagt Kairde geçirlen dabarada ABŞ-nyň Müsürde 65 million dollarlyk ýardam bermegi baradaky şertnama gol goýdy.

Müsürli ministr şertnamany Müsür bilen ABŞ-nyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň we arkalaşygyň subutnamasy hökmünde häsiýetlendirdi.

ABŞ-nyň Halkara Ösüş gullugynyň Müsür boýunça ýolbaşçysy bolsa gullugyň Müsürde saglygy goraýyş we bilim pudagyna goldaw bermek üçin 30 milliard dollarlyk bujetleriniň bardygyny aýtdy.

 


Etiketkalar: Müsür , ABŞ

Degişli Habarlar