ABŞ-de mekdepleriň birinde ýaragly hüjüm guraldy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 1 adam ýogaldy

ABŞ-de mekdepleriň birinde ýaragly hüjüm guraldy

Amerkanyň Birleşen Ştatlarynyň Las-Wegas şäherinde mekdepleriň biriniň howlusynda guralan ýaragly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 1 adam ýogaldy.

Amerikan metbugatynda berilen habarlara görä Las-Wegasyň demirgazygyndaky mekdepleriň biriniň howlusynda ýaragly hüjüm guraldy.

Las-Wegasyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Erik Leawitt waka bilen bagly beren beýanatynda ilkinji kesgitlemelere görä hadysada bir erkegiň ýogalandygyny habar berdi.

Polisiýa gullugynyň işgärleri adamlara wakanyň bolan ýerine barmazlyklary barada duýduryş berdi.

Waka bilen bagly derňew başladyldy.


Etiketkalar: hüjüm , mekdep , Las-Wegas , ABŞ , waka

Degişli Habarlar