Taliban polis merkezine hüjüm gurady

Çaknyşykda 14 howpsyzlyk işgäri bilen Talibana agza 4 adam ýogaldy

Taliban polis merkezine hüjüm gurady

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Samangan welaýatynyň Derei Suf etrabyndaky polis merkezine Taliban tarapyndan guralan hüjümden soň bolan çaknyşykda 14 howpsyzlyk işgäri bilen Talibana agza 4 adam ýogaldy.

Welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Saiddik Azizi çaknyşykda 6 howpsyzlyk işgäri bilen Talibana agza 2 adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Taliban tarapyndan heniz mesele barada hiç hili beýanat berilmedi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar