Şri Lankada deňize akan nebitiň arassalanmagy üçin ýüzlerçe adam meýletin işledi
Syzyp akýan nebitiň kesilendigi we arassalaýyş işleriniň 2-3 gün dowam etjekdigi beýan edildi
Şri Lankada turba geçirijiden syzyp akan nebitiň deňizde sebäp bolan hapalanmasynyň ortadan aýrylmagyna ýüzlerçe adam gatnaşdy
Deňizi goraýoş edarasynyň başlygy Saumýa Ekanaýake şenbe gijesi gury ýerdäki desgadaky ammara tankerden nebit akdyrýan turba geçirijiniň deşilendigini we 25 tonna nebitiň deňize ýaýrandygyny aýtdy.
Paýtagt Kolombonyň 14 kilometr demirgazygyndaky kenarýaka etrapçasy Uswetakeiýawanyň ýalpaklarynda deňiziň ýüzüne üýşen nebit gatlagynyň arassalanmagy üçin 300 sany kenarýaka howpsyzlyk goragçysy we deňiz flotunyň işgärleri tagalla etdi.
Syzyp akýan nebitiň kesilendigi we arassalaýyş işleriniň 2-3 gün dowam etjekdigi beýan edildi.
Degişli Habarlar
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Sil we ýyldyrym çakmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 63 adama ýetdi.