Russiýanyň goşunynyň iň uly harby türgenleşigi başlady

Türgenleşige 300 müňe golaý esger gatnaşýar

Russiýanyň goşunynyň iň uly harby türgenleşigi başlady

Russiýanyň goşuny taryhynyň iň uly harby türgenleşigi bolan Wostok-2018 türgenleşigini başlatdy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda ýurdyň gündogar topraklarynda we deňizlerinde 17-nji sentýabra çenli dowam etjek Wostok-2018 atly harby türgenleşige ýurdyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň ýolbaşçylyk etjekdigi mälim edildi.

Beýanatda: “Türgenleşigiň esasy maksadynyň harby dolanşyk organlarynyň meýilnamadaky taýýarlyk derejesiniň gözden geçirilmegi, uzak aralykda harby bölemleriň täzeden toparlanmagynyň üpjün edilmegi, gury ýer goşunlary bilen deňiz güýçleriniň arasyndaky sazlaşygyň gözden geçirilmegi, serkerdeleriň we harby toparlaryň taýýarlyk işlerinde we harby operasiýada başarnyklarynyň özgerdilmegi” diýip bellendi.

Beýanatda türgenleşigiň 1996-njy ýylyň 26-njy aprelinde Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Hytaýyň arasynda baglaşylan serhetde howpsyzlygyň güýçlendirilmegi bilen bagly ylalaşyga bap gelýändigi habar berildi.

Wostok-2018 atly harby türgenleşige 300 müňe golaý esger, 1 müňden gowrak uçar, dikuçar, uçarmansyz howa ulagy, 36 müňe golaý taňk, sowutly we beýleki harby tehniki ulaglar bilen 80-e golaý gämi gatnaşýar.

Wostok-2018 atly harby türgenleşik SSSR zamanynda 1981-nji ýylda geçirilen "Zapad-81" atly türgenleşikden bäri Russiýanyň taryhyndaky iň ýokary gatnaşykly harby türgenleşik bolar.



Degişli Habarlar