Owganystan ýene-de gana bulandy

Soňky hüjümde bolsa ýene-de 19 adam ýogaldy

Owganystan ýene-de gana bulandy

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda guralan kamikaze hüjüminde 19 adam ýogaldy.

Nangarharyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Ataullah Hogýani, welaýatyň Dehkai diýilen ýerinde hökümete garşy geçirilýän protest ýörüşine gatnaşýan adamlaryň arasyna giren kamikaze hüjümçisiniň üstündäki bombany partladandygyny habar berdi.

Hüjümde 19 adamyň ýogalandygyny aýdan Hogýani, 57 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Ataullah Hogýani, demonstrantlaryň obalaryndaky harbylaryň eden-etdiligini protest etmek maksady bilen ýörüş gurandyklaryny beýan etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap ýok.



Degişli Habarlar