Ak Tam Tramp bilen Kimiň ikinji gezek duşuşmagynyň üstünde işleýär

Ak Tam ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çeniň ikinji gezek duşuşmagynyň üstünde işleýändiklerini mälim etdi

Ak Tam Tramp bilen  Kimiň ikinji gezek duşuşmagynyň üstünde işleýär

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Sanders  Demirgazyk Koreýanyň lideriniň ýazan hatynyň geçen hepde Prezident Trampa gelip gowşandygyny belledi.

Kim Çeniň hatynyň mazmuny barada maglumat bermedik Sanders Prezident Trampyň Demirgazyk Koreýanyň lideriniň hatyndaky duşuşyk teklibine oňyn garaýandygyny nygtady.

Tramp bilen Kim 12-nji iýunda Singapurda duşuşypdy we iki lider duşuşykda Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagy meselesinde ylalaşyk gazanypdy.

Emma şol taryhy duşuşykdan gysga wagt soň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar ýaňadandan dartgynlaşmaga başlapdy we ABŞ Demirgazyk Koreýany ýadro maksatnamasyndan ýüz öwürmezlikde günäkärläpdi.

Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda 1953-nji ýylda gazanylan ylalaşyk bilen söweş bes edildi emma parahatçylyk şertnamasyna gol çekişilmändigi üçin söweş howpy henizem dowam edýär

 



Degişli Habarlar