ABŞ Palestinanyň Azatlyk guramasynyň Waşingtondaky merkezini ýapdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Palestinanyň Azatlyk guramasynyň paýtagt Waşingtondaky ofisini ýapmak baradaky kararyny resmileşdirdi

1047074
ABŞ Palestinanyň Azatlyk guramasynyň Waşingtondaky merkezini ýapdy

ABŞ-niň Döwlet sekretarlygyndan berilen ýazmaça beýanatda Palestinanyň Azatlyk guramasynyň paýtagt Waşingtondaky ofisiniň ýapyljakdygy mälim edildi.

ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Hizer Noýert, Palestinanyň Azatlyk guramasynyň Waşingtondaky ofisiniň açylmagyna 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerine goldaw bermek maksady bilen rugsat berilendigini belläp: “Emma Palestinanyň Azatlyk guramasy, Ysraýyl bilen manyly bir ylalaşyk gazanmak üçin dogrudan işe girişmedi. Tersine, bu topar görmedigi we aragatnaşyga geçmedigi ýagdaýda ABŞ-niň parahatçylyk meýilnamasyny ýazgardy” diýip belledi.

ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň Palestinanyň Azatlyk guramasynyň Waşingtondaky merkeziniň 1 aýyň dowamynda boşadylmagyny isländigi habar berilýär.


Etiketkalar: #ABŞ , #Palestina , #Waşington , #ofis

Degişli Habarlar