Ýaponiýada bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 40 adama ýetdi

Ýer titremesi sebäpli 2700 adam wagtlaýyn merkezlerde ýaşaýar

Ýaponiýada bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 40 adama ýetdi

Ýaponiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Hokkaide adasynda Perşembe güni bolan 6,7 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 40 adama ýetdi.

Kýoda habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, soňky gezek Atsuma şäherinde 77 ýaşyndaky bir adamyň jesediniň tapylmagy bilen ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 40-a ýetdi.

Ýer titremesi sebäpli 2700 adam wagtlaýyn merkezlerde ýaşaýar.

Atsuma şäherinde ýeriň süýşmegi sebäpli köp sanly adam harabalygyň aşagynda galdy.

Hokkaide adasynda 8 müň maşgala elektrik togy berlip bilinmeýär.

 

 

 



Degişli Habarlar