Idlib we Hama welaýatlaryna guralýan howa hüjümleri dowam edýär

Idlib we Hama welaýatlarynda guralan howa hüjümlerinde 17 adam ýaralandy

Idlib we Hama welaýatlaryna guralýan howa hüjümleri dowam edýär
Idlib we Hama welaýatlaryna guralýan howa hüjümleri dowam edýär
Idlib we Hama welaýatlaryna guralýan howa hüjümleri dowam edýär

Idlib we Hama welaýatlaryna guralýan howa hüjümleri dowam edýär

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň ýurduň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Idlib we Hama welaýatlarynda guran howa hüjümlerinde 17 adam ýaralandy.

Ýerli çeşmeleriň berýän habaryna görä, Russiýa bilen Asada tabynlykdaky güýçler şu gün irden Idlibiň günortasydna ýerleşýän Habit, Jerjenaz, Hiş, Teminia we Hamanyň Latamne etrapçalaryna howa hüjümini guramaga başlady.

Hüjümlerde 17 adam ýaralandy

Jerjenaz etrapçasynda mekdebe guralan hüjümde ýaralananlaryň arasynda 2 çaga hem bar.

Harby uçarlaryň we dikuçarlaryň guraýan howa hüjümleri dowam edýär.

Üstümizdäki aýyň başyndan bäri Idlibiň günbatarynda, günorta günbatarynda we Hamanyň demirgazygynda guralan howa we gury ýer hüjümlerinde 29 adam ýogaldy, 71 adam ýaralandy.

Hamanyň demirgazgynda Keferzita we Has obasyndaky ýer asty hassahana bilen Latamne etrabynda hassaha guralan hüjümlerde hassahanalara uly zeper ýetirildi we hatardan çykaryldy.

Siriýanyň demirgazyk günbatarynda harby oppozisionerleriň we Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astynda bolan Idlib welaýaty bilen töwerekleri 2017-nji ýylyň maý aýynyň 4-5-i aralygynda geçirlen maslahatda “çaknyşyksyz” zolak hökmünde yglan edilendigine garamazdan Asada tabynlykdaky güýçler we wagtal-wagtal hem Russiýa tarapyndan nyşana alynýar.

.



Degişli Habarlar