Hindistanda sil 650 müň adama ýaramaz täsirini ýetirdi

15 müňden gowrak adam hem howpsyz ýerlere göçürildi

Hindistanda sil 650 müň adama ýaramaz täsirini ýetirdi

Hindistanyň Odisha welaýatynda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil 650 müň adama ýaramaz täsirini ýetirdi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna göra, müňe golaý oba suwyň aşagynda galdy, 15 müňden gowrak adam hem howpsyz ýerlere göçürildi.

Hindistanda şu ýyl muson ýagyşlary bilen gelen sil sebäpli 1400-den gowrak adam ýogaldy.

 

 



Degişli Habarlar