BMG Siriýada täze töwellaçylyk etabyny başladýar

Mistura şu gün Ženewada Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň wekilleri bilen aýry aýry duşuşar

BMG Siriýada täze töwellaçylyk etabyny başladýar

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan De Mistura Siriýada täze töwellaçylyk etabyny başladýar.

Doçe wellanyň berýän habaryna görä, töwellaçylyk etaby Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň gatnaşmagynda alnyp barylar.

Şu gün Ženewada Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň wekilleri bilen aýry aýry duşuşjak Steffan De Mistura, ertir hem üç ýurduň wekilleri bilen maslahat geçirer.

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan De Misturanyň soň bolsa Germaniýa bilen birlikde beýleki günbatarly ýurtlaryň wekilleri bilen duşuşmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar