Talibanly başbozarlaryň hüjümlerinde ýene-de 29 adam ýogaldy

Owganystanyň Baglan we Hyrat welaýatlarynda Talibana agza terrorçylaryň Polis merkezlerine guran hüjümlerinde 29 howpsyzlyk gullukçysy ýogaldy

Talibanly başbozarlaryň hüjümlerinde ýene-de 29 adam ýogaldy

Baglanyň welaýat Geňeşiniň başlygy Safdar Muhsini žurnalistlere beren beýanatynda, terrorçylaryň welaýatyň Mangelha sebitindäki Polis merkezlerine hüjüm guramagy netijesinde 20 howpsyzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny habar berdi.

Muhsini 5 howpsyzlyk gullukçysynyň ýaralanan hüjümden soň, ýüze çykan çaknyşykda Talibanyň hem ýitgi çekendigini mälim etdi.

Hyratyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Jeýlani Farhad, Talibana agza terrorçylaryň Ube etrabyndaky Polis merkezine hüjüm guramagyndan soň, çaknyşygyň başlandygyny beýan etdi.

Ýüze çykan çaknyşykda Polisiýa gullugynyň 9 işgäriniň ýogalandygyny aýdan Farhad, 3 polisiň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Farhad çaknyşykda Talibana agza 6 terrorçynyň öldürilendigini habar berdi.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa Baglan welaýatyndaky hüjümde 60 esgeriň ölendigi öňe sürüldi.



Degişli Habarlar