Tähran maslahaty daşary ýurt metbugatynda

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Siriýanyň Idlib şäheri bilen bagly ynsanperwer krizisi bilen bagly duýduryşy, dünýä metbugatynda giň beýan tapdy

Tähran maslahaty daşary ýurt metbugatynda

Eýranyň paýtagty Tähranda 7-nji sentýabrda geçirilen Türkiýe-Eýran-Russiýa Üçtaraplaýyn maslahatynda Prezident Erdogan: “Idlibiň gan kölüne öwrülmegini islemeýäris. Parahatçylygyň ýola goýulmagynda uly peýda bar” diýen sözleri uly täsir galdyrdy.

Türkiýäniň ynsapewer pozisiýasy hem Günbatarda hem-de Arap dünýäsiniň metbugatynda giň beýan tapdy.  

Amerikanyň Washington Post gazedi habary Prezident Erdoganyň “Idlibe hüjüm guramak uly gyrgynçylyk bilen netijelener” diýen sözleri bilen paýlaşdy.

Britaniýanyň Reýter habarlar agentligi habary Erdoganyň “Ölümlere gyrada durup tomaşa etmeris” diýen sözleri bilen paýlaşan bolsa, BBC telewideniýesi “Idlibiň gan kölüne öwrülmegini islemeýäris” diýen sözbaşysy bilen paýlaşdy.

Britaniýanyň Sky News telewideniýesi Idlibde başdan geçirilip bilinjek hadysalara iň uly alada bildirýän ýurtlaryň biriniň Türkiýedigini belledi.

Türkiýäniň häzirki wagta çenli millionlarça bosguny kabul edendigi ýatladylan habarda, Türkiýäniň Idlibde başdan geçiriljek hadysalar sebäpli bosgun tolkunyny islemeýändigi nygtaldy.

Fransiýanyň Le Monde gazedi habary: “Tähran maslahatynyň şowsuzlygyndan soň, Idlibde taýýarlyk başlady” sözleri bilen paýlaşdy.

Germaniýanyň "Deutschlandfunk" gazedi bolsa, Prezident Erdoganyň parahatçylyk isländigi we Siriýanyň hökümetiniň Idlibe hüjüm guran halatynda sebitiň gan kölüne öwrüljekdigi barada duýduryş berendigini belleýär.

Gollandiýanyň NOS ýaýlym guramasy Eýran bilen Russiýanyň Idlibi basyp almak üçin harby operasiýa gapylaryny açyk goýandygyny, Türkiýäniň bolsa parahatçylyk isländigini mälim etdi.

Russiýanyň Sputnik habarlar gullugy Erdoganyň: “Maksadymyz Idlib meselesini Astana gepleşiklerine laýyk ýagdaýda parahatçylykly ýollar bilen çözmek” diýendigini habar berdi.

Arap mediasy bolsa öz habarlarynda Erdoganyň ynsanperwer krizis duýduryşyny öňe çykardy.

Kataryň El-Jezire telewideniýesi habary Prezident Erdoganyň: “Idlibde elimiz-golumyz bagly durmarys” diýen sözleri bilen paýlaşdy.

Yrakda çap edilýän döwlet gazedi Sabah Ankaranyň syýasy we geografik durnuklylygyň üpjün edilýänçä çenli tagallasyny dowam etdirjekdigini mälim etdi.

Liwanyň Respublikan gazedi Prezident Erdoganyň täze bosgun tolkuny babatyndaky duýduryşyny öz sahypalarynda paýlaşdy.


Etiketkalar: metbugat , maslahat , Idlib , Tähran

Degişli Habarlar