ABŞ-niň Wenesuelada harby agdarlyşyk etmek isländigi öňe sürüldi

ABŞ-niň hökümetiniň Wenesuelanyň goşunyndaky käbir oppozision harby resmiler bilen bilelikde ýurtda gizlin agdagrlyşyk synanyşygyny etmek üçin gepleşikler geçirendigi öňe sürüldi

ABŞ-niň Wenesuelada harby agdarlyşyk etmek isländigi öňe sürüldi

The New York Times gazedinde berilen, adynyň beýan edilmezligini islän we şeýle hem käbir amerikaly resmiler bilen duşuşandygyny aýdan wenesuelaly ozalky bir serkerdeleriň biriniň beýanatyna esaslanyp beren habaryna görä, Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet Wenesuelada agdarlyşyk synanyşygyny ýerine ýetirmegi meýilleşdiripdir.

Habarda şol bir wagtda ady ABŞ-niň sanksiýa sanawynda bar bolan wenesuelaly ozalky bir serkedeniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerde, agdarlyşyk synanyşygy bilen bagly ençeme meseläniň ara alynyp maslahatlaşylandygy öňe sürüldi.

Gepleşikleriň soňunda ABŞ-niň hökümetiniň agdarlyşyk synanyşygynyň şowsyz geçmek ähtimallygyny göz öňünde tutup, gizlin gepleşikleri goý bolsun edendigi öňe sürüldi.

Ak Tamyň resmiler mesele bilen bagly soraglara jogap bermekden saklanýarlar, ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň soňky wagtlarda Wenesuelada Nikolas Maduro hökümetini nyşana alan ençeme sanksiýa goýmak barada karar kabul edendigi bellenýär.



Degişli Habarlar