Katar Germaniýa ýene-de10 milliard ýewrolyk maýa goýar

Kataryň Emiri Tamim Bin Hamad Al Tani Germaniýada saparda bolar

Katar Germaniýa ýene-de10 milliard ýewrolyk maýa goýar

 

Kataryň Emiri Tamim Bin Hamad Al Tani Germaniýa ýene-de 10 milliard ýewrolyk maýa goýjakdyklaryny habar berdi.

Resmi sapar bilen Germaniýa baran Al Tani paýtagt Berlinde Federal Kansler Angela Merkel bilen duşuşdy.

Kataryň Emiri Tamim Bin Hamad Al Tani Katar taýdan Germaniýanyň esasy hyzmatdaşdygyny belledi we geljek 5 ýylda ýene-de 10 milliard ýewrolyk maýa goýmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Kataryň Emiri Federal Kansler Merkel bilen birlikde Berlinde Germaniýa-Katar maýadarlar forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Al Tani “Nemes ykdysadyýetiniň güýjüni bilýäris” diýdi.

Kataryň resmi görkezijilerine görä, Katar Germaniýada häzire çenli 25 milliard ýewrolyk maýa goýdy.

 

 



Degişli Habarlar