Eýranyň Yragyň Basra şäherindäki Baş konsullygy oda berildi

Eýran Basradaky Baş konsullygynyň oda berilmegini ýazgardy

Eýranyň Yragyň Basra şäherindäki Baş konsullygy oda berildi

Yragyň günortasynda ýerleşýän Basra şäherinde  Eýranyň Baş konsullygy oda berildi

Basra şäherinde “işsizlige we galplyga” garşy geçirilýän we barha ýaýbaňlanýan ýörişleriň çäginde protestçylardan bir topar Eýranyň Basra şäherindäki Baş konsullygyna girdi.

Baş konsullyga giren topar binany oda berdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Behram Kasymy, Yraga diplomatik wekilhanalaryň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi barada çagyryş berdi we konsullygy oda beren hüjümçileriň gyssagly tussag edilmegini we jezalandyrylmagyny isledi.

Kasymy Eýranyň Basradaky Baş konsullygynyň oda berilmegini ýazgardy.

Kasymy wakada konsullygyň binasyna uly zeper ýetirlendigini emma ölen-ýiteniň bolmandygyny nygtady.

 



Degişli Habarlar