Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň guran howa hüjümlerinde 5 adam ýogaldy

Asada tabynlykdaky güýçleriň we tarapdary Russiýanyň guran howa we gury ýer hüjümlerinde asuda ilatdan 26 adam ýogaldy

Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň guran howa hüjümlerinde 5 adam ýogaldy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň we tarapdary Russiýanyň Idlib we Hama welaýatlarynda guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy.

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, harby uçarlar şu gün irden Idlibiň günortasynda we Hamanyň demirgazygynda asuda ilata we harby oppozisionerlere degişli ýerlere hüjüm gurady.

Idlibiň Han Şeýhun etrabynda ýerleşýän goranyş merkezi hem hüjüme sezewar boldy.

Hüjümlerde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy.

Üstümizdäki aýyň başyndan bäri Idlibiň günbatarynda, günorta günbatarynda we Hamanyň demirgazygynda Asada tabynlykdaky güýçleriň we tarapdary Russiýanyň guran howa we gury ýer hüjümlerinde asuda ilatdan 26 adam ýogaldy, azyndan 51 adam ýaralandy.

 

 



Degişli Habarlar