ABŞ-nyň Goranmak ministri Mettis garaşylmadyk ýagdaýda Owganystana bardy

Mettis Kabulda Prezident Eşref Gani bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Goranmak ministri Mettis garaşylmadyk ýagdaýda Owganystana bardy

 

Garaşylmadyk ýagdaýda Owganystana baran Mettis, paýtagt Kabulda Prezident Eşref Gani bilen duşuşdy.

Mettis bilen Gani Talibana garşy göreş we iki ýurduň arasynda howpsyzlyk boýunça edilýän özara gatnaşyklary barada pikir alyşdy.

Duşuşyk barada Owganystan tarapyndan berlen beýanatda “Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde parahatçylyk etaby, owgan howpsyzlyk güýçleri, golaýlan saýlawlar, terrora garşy göreş we Pakistan bilen dialog” ýaly ugurlaryň seljerlendigi nygtaldy.

Mattise Owganystana guran saparynda ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Dunford hem ýoldaşlyk etdi.

ABŞ-nyň Owganystanda 14 müňe golaý esgeri bar.

Geçen ýyl “Owganystan üçin täze strategiýany” wada beren Trampyň beýanatyndan soň Owganystana goşmaça 3 müň esger ugradylypdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar