Ýaponiýada bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany köpelýär

350-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan ýer titremesinde 26 adam hem dereksiz ýitdi

Ýaponiýada bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany köpelýär

Ýaponiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Hokkaido welaýatynda düýn bolan 6,7 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 16 adama ýetdi.

Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe, Hokkaido adasyndaky tokaýlyk meýdanda ýeriň süýşmegine sebäpli bolan ýer titremesinde ýene-de 7 adamyň jesediniň tapylandygyny, tebigy apatda ýogalanlaryň sanynyň 16-a ýetendigini aýtdy.

350-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan ýer titremesinde 26 adam hem dereksiz ýitdi.

Ýeriň aşagynda galanlaryň halas edilmegi işleri dowam edýär.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar