Fransiýa Siriýanyň Idlib şäherinde başdan geçirilýän wakalara alada bildirýär

Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian Gresiýada saparda boldy

Fransiýa Siriýanyň Idlib şäherinde başdan geçirilýän wakalara alada bildirýär

Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian Siriýanyň Idlib şäherinde başdan geçirilýän wakalara alada bildirdi.

Le Drian Afina guran saparynyň çäginde Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Koçias bilen birlikde metbugata beýanat berdi.

Le Drian ýurdunyň Idlibde himiki ýarag ulanylan halatynda garşylyk görkezip görkezmejekdigi hakynda soraga “Fransiýa halkara şertnamalara laýyklykda hereket etmäge dowam eder” diýip jogap berdi.

Le Drian “Idlibde başdan geçirilýän wakalara uly alada bildirýäris. Şäherde 3700 müň bosgun bilen müňlerçe terrorçy bar”diýip belledi.

Meseläniň syýasy taýdan çözülmegi barada çagyryş beren Le Drian “Siriýadaky ýagdaý gumanitar we harby taýdan partlamaga taýar ýagdaýa geldi”diýdi.

Fransiýanyň Daşary işler ministri saparynyň çäginde Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras bilen hem duşuşdy.

 



Degişli Habarlar