Demirgazyk we Günorta Koreýanyň liderleri duşuşyk geçirerler

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen Günorta Koreýanyň lideri Mun Džeiniň özara duşuşyk geçirjek günleri belli boldy

Demirgazyk we Günorta Koreýanyň liderleri duşuşyk geçirerler

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen duşuşan Günorta Koreýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eden, Munyň Milli howpsyzlyk maslahatçysy Çung Eui-Ýong metbugata beren beýanatynda, iki lideriň 18-20-nji sentýabr aralygynda Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýanda duşuşjakdygyny habar berdi.

Günorta Koreýanyň lideri Mun Džeiniň Milli howpsyzlyk maslahatçysy Çung Eui-Ýongyň ýolbaşçylygyndaky 5 adamdan ybarat wekiliýet düýn Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen duşuşyk geçiripdiler we Munyň hatyny oňa beripdiler.

Çung we ýanyndaky wekiliýet mart aýynda Demirgazyk Koreýa sapar gurapdy we Kim Çen Yn bilen duşuşyk geçiripdi. Duşuşykdan soň aprel aýynda Mun Džein bilen Kim Çen Ynyň arasynda Phanmundžom Parahatçylyk obasynda taryhy duşuşyk geçirilipdi.

Iki lideri bu aý, şu ýylky 3-nji ikiçäk duşuşygyny geçirmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar