Demirgazyk Koreýada sil sebäpli 76 adam ýogaldy

Sil sebäpli müňlerçe adam howpsyz ýerlere göçürildi

Demirgazyk Koreýada sil sebäpli 76 adam ýogaldy

Demirgazyk Koreýada aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli 76 adam ýogaldy.

Mesele hakynda berlen beýanatda Demirgazyk Koreýada soňky 10 günde aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli azyndan 76 adamyň ýogalandygy, 75 adamyň hem dereksiz ýitendigi nygtaldy.

Aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli 800-den gowrak binanyň ýykylandygy, sil sebäpli müňlerçe adamyň howpsyz ýerlere göçürlendigi bellenildi.

Ýurtda sowuk howanyň başlamagy sebäpli öýlerini terk edenleriň saglygy goraýyş taýdan käbir kynçylygy başdan geçirip biljekdigi ýatladyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar