Ýaponiýada bolan soňky ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä ýedi adam ýogaldy

Ýaponiýanyň Hokkaido sebitinde bolan ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 7 adam ýogaldy, 200 adam ýaralandy

Ýaponiýada bolan soňky ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä ýedi adam ýogaldy

Ýaponiýanyň ýaýlym guramasy NHK we Kýodo habarlar agentligi, ýurdyň demirgazygyndaky Hokkaido adasyndaky tokaýlykda bolan ýer süýşgünlerinde azyndan 7 adamyň ýogalandygyny, 32 adamyň dereksiz ýitendigini we 200 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentliginiň ýer titremäniň ozal 6,6 bal ululygyndadygyny, ony 6,7 bal hökmünde täzeländigini we ýer titremäniň güýç merkeziniň Tomakomai şäheriniň 40 km gündogaryndadygyny belländigi habar berildi.

Ýer titremeden soň Tomari ýadro desgasynyň 3 reaktorynyň öçendigi we adatdan daşary ýagdaýlarda işläp başlaýan generatorlara baglanandygy habar berildi. Adada takmynan 3 müň maşgala elektrik tok berilmedi, howa menzilleri we köp sanda ýol ýapyldy,  

Resmiler sebite gözleg we halas ediş işleri üçin 25 müň esgeri we halas edijileri gönükdirendiklerini beýan etdi.


Etiketkalar: ýer titreme , Ýaponiýa

Degişli Habarlar