Tramp: “Başar Asady öldüreliň diýmedim” diýdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Siriýanyň lideri Başar Asadyň öldürilmegini islenädigi baradaky öňe sürmeleriň nädogrydygyny nygtady

1044341
Tramp: “Başar Asady öldüreliň diýmedim” diýdi

Donald Tramp Kuweýdiň Emiri Şeýh Sabah El Ahmet El Jabir Es Sabah bilen Ak Tamda geçiren duşuşygyndan soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Tramp Siriýada 2017-nji ýylda himiki ýarag bilen guralan hüjümden soň, Başar Asadyň öldürilmegini isländigi baradaky öňe sürmeler barada: “Olar ýaly zat diýmedim. Olar ýaly zady jedelleşmedik” diýip jogap berdi.

Tramp meşhur žurnalist Bob Wudwordyň, hökümeti barada ýazan kitaby bilen bagly soraga jogap berip: “Bu dolulygyna nädogry bir kitap. Wudwordyň geçmişine seretseňiz beýleki Prezidentler bilen hem düşünişmezçilik başdan geçirendigini görersiňiz” diýdi.

Amerikan Washington Post gazedinde käbir bölümleri gysgajyk çap edilen Wudwordyň “Gorky: Ak Tamda Tramp” atly kitabynda Trampyň, Siriýada 2017-nji ýylda himiki ýarag bilen guralan we onlarça bigünä adamyň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümden soň, Başar Asad barada: “Şu näletli ganhory öldüreliň. Ýurda girip, olaryň aglabasyny öldüreliň” diýendigi öňe sürülipdi.

Ak Tam bolsa kitabyň nädogry maglumat berýändigini we hakykata bap gelmeýändigini belläpdi.



Degişli Habarlar