Saud Arabystanynda harby dik uçar ýere gaçdy

Harby dik uçaryň ýere gaçmagy sebäpli amerikaly uçarman heläk boldy

Saud Arabystanynda harby dik uçar ýere gaçdy

Saud Arabystanynyň habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä Milli goragçylar ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda Riýaddaky Haşm Al An howa menzilinde geçirilen adaty howa türgenleşiginde AH-6 kysymly harby dik uçarlardan biriniň ýere gaçandygy mälim edilýär.

Wakada amerikaly tälimçi uçarman Paul Rediniň ýogalandygy, arabystanly uly seržant, uçarman Heýsem Ben Abdulaziz Al Şeýhiň ýaralanandygy habar berildi.

Bejergi alýan uçarmanyň ýagdaýynyň durnuklydygy barada aýdylýan ministrligiň beýanamasynda barlag toparynyň dik uçaryň näme sebäpden ýere gaçandygyny kesgitlemek üçin iş alyp barýandygy nygtalýar.


Etiketkalar: uçarman , waka , Saud Arabystany

Degişli Habarlar