Owganystanyň paýtagty Kabulda iki aýry kamikaze hüjümi guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde guralan iki aýry kamikaze hüjüminde 20 adam ýogaldy

Owganystanyň paýtagty Kabulda iki aýry kamikaze hüjümi guraldy

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisiniň kömekçisi Nasrat Rahimi kamikaze hüjümçisiniň Kabulyň Daşti Barçi diýilen ýerinde spordyň göreş görnüşi boýunça bäsleşikleriň geçirilýän zalyna girip, üstündäki bombany partladandygyny habar berdi.

Ikinji hüjümçiniň bolsa ilkinji hüjüm barada habar bermek üçin wakanyň bolan ýerine baran metbugat işgärleriniň arasyna girip üstündäki bombany partladandygyny aýdan Rahimi hüjümlerde 20 adamyň ýogalandygyny, 70 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Ýogalan we ýaralanan adamlaryň arasynda metbugat işgärleriniň hem bardygyny aýdan Rahimi ýaralanan adamlaryň käbirleriniň saglyk ýagdaýlarynyň agyrdygyny, ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini habar berdi.

Owganystanyň paýtagty Kabulyň günbatar tarapynda, ýaşaýjylarynyň aglabasy şaýylar bolan ýerde guralan hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap ýok.



Degişli Habarlar