Merkel türk ykdysadyýetiniň kadaly ösmeginiň Germaniýanyň bähbidine laýyk gelýändigini beýan etdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Türkiýäniň ykdysady ösüşiniň kadaly bolmagynyň özleri taýdan-da bahbitlidigini aýtdy

Merkel türk ykdysadyýetiniň kadaly ösmeginiň Germaniýanyň bähbidine laýyk gelýändigini beýan etdi

Nemes habarlar gullugy “DPA”, “RTL” teleýaýlymynyň Angela Merkel bilen geçiren söhbetdeşliginiň Türkiýe we Siriýanyň İdlib welaýatyndaky wakalar bilen bagly bölegini ýaýlyma berdi.

Türk ykdysadyýetiniň kadaly ösüşiniň Germaniýanyň strategik bähbidine laýyk gelýandigini nygtan Merkel; “Türkiýäni ejizletjek hereketlere girişen halatymyzda öz bähbitlerimize laýyk hereket etdigimiz bolmaz” diýdi.

Türk-nemes gatnaşyklary barada: “Elmydama ak ýa-da gara pikirlenmeýäris. Hakykat şeýle” diýen Merkel, Germaniýada 3 million türküň ýaşaýandygyny we şol sebäpli iki ýurduň arasynda özboluşly gatnaşyklaryň bardygyny nygtady.

Şu gün agşam ýaýlyma beriljek söhbetdeşlikde Siriýanyň İdlib şäherindäki wakalar we hökümetiň hüjüm gurama ähtimallygy barada durup geçen Merkel, İdlibde gumanitar pajyganyň ýüze çykmagyna ýol berilmeli däldigini nygtady.

Angela Merkel operasiýanyň guralma ähtimallygy we halkyň goralmagy barada Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we Prezident R.T.Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.


Etiketkalar: nemes , Angela Merkel , Germaniýa

Degişli Habarlar