Eýranda guraklyk höküm sürýär

Bu barada Eýranyň resmi ýolbaşçylary habar berýärler

Eýranda guraklyk höküm sürýär

Eýranyň Meteorologiýa guramasynyň Adatdan daşary şertler boýunça Milli merkeziniň başlygy Sadyk Zeýaiýan ýurduň 98,1 göterimlik böleginde guraklygyň dowam edýändigini aýtdy.

Eýranyň soňky 10 ýyla degişli görkezijilerine laýyklykda analiz beren Sadyk Zeýaiýan: “Eýranyň 98,1 göterimi dürli derejelerde guraklyga sezewar boldy” diýdi.

Zeýaiýan Eýranyň diňe 1,6 göterimlik böleginiň kadalydygyny nygtap, galan 0,3 göterimlik böleginiň ygallydygyny aýtdy.

Ýurduň Albruz, İlham, Buşehr, Günorta Horosan, Huzistan, Zenjan, Sistan-Bulujistan, Pars, Gazwin, Gum, Kirman, Hurmuzhan we Ýezd şäherleriniň soňky on ýylda doly guraklyga sezewar bolandygyny beýan eden Zeýaiýan, şertleriň aladalandyryjydygyny nygtady.


Etiketkalar: göterim , guraklyk , Eýran

Degişli Habarlar