"Asad Ysraýyl bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek üçin Obama hat ýazdy"

Başar Asadyň Ysraýyl bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek maksady bilen ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama gizlin hat ýazandygy ýüze çykdy

"Asad Ysraýyl bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek üçin Obama hat ýazdy"

ABŞ-nyň ozalky Döwlet sekretary Jon Kerri ýazan “Her gün Ekstradyr” atly kitabynda 2010-njy ýylda Asadyň Ysraýyl bilen parahatçylyk gepleşiklerine töwellaçylyk etmegi üçin Prezident Obamadan kömek sorandygyny nygtady.

Kerri kitabynda Asadyň Obama, “Ysraýylyň 1967-nji ýyldaky söweşden soň basyp alan Golan depelerini Siriýa yzyna beren halatynda Siriýanyň hökümetiniň hem egilşik etmäge taýardygyny” ýazdy.

Asadyň haty barada Ysraýylyň Premýer ministr ministri Benýamin Netanýahuýa maglumat berlendigini ýazan Kerri, Netanýahunyň Asadyň teklibine “geň galandygyny” nygtady.

Kitapda Asadyň hatyndan soň 2011-nji ýylyň başlaryna çenli ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde “Ysraýylly we Siriýaly ýolbaşçylaryň arasynda gepleşikleriň geçirlendigi” emma şol gepleşikleriň netije bermändigi ýatladyldy.

 


Etiketkalar: Başar Asad , Ysraýyl , Siriýa

Degişli Habarlar