Ýaponiýada Žebi tupany sebäpli 11 adam ýogaldy

Ýaponiýa öz täsirini ýetiren Žebi tupany sebäpli ýogalan adamlaryň sany 11-e ýetdi

japonya jebi tayfunu1.jpg
japonya jebi tayfunu2.jpg
Ýaponiýada Žebi tupany sebäpli 11 adam ýogaldy
Ýaponiýada Žebi tupany sebäpli 11 adam ýogaldy

Ýaponiýa öz täsirini ýetiren Žebi tupany sebäpli ýogalan adamlaryň sany 11-e ýetdi

Ýurtda düýnden bäri täsirli bolan we soňky 25 ýyllyň iň uly tupanynda 300-den gowrak adam hem ýaralandy.

Ýogalanlaryň sanynyň artmagy sebäpli 2 million adam sebitden howpsyz ýerlere göçürildi.

Tizligi sagatda 200 km ýeten ýel sebäpli agaçlar kökünden soguryldy, deňiziň kenarda näme bar bolsa okeana siňdi.

Güýçli ýel sebäpli ýüzlerçe ulaga zeper ýetdi.

Käbir gämiler bolsa gury ýere çykdy.

Tupan sebäpli Kansai halkara howa menzili suwyň aşagynda galdy.

Uçar saparlarynyň goý bolsun edilen howa menzilindäki 3 müň ýolagçy gämiler bilen halas edildi.

Güýçli ýel sebäpli gözegçilik astyndan çykan nebit daşaýan tanker howa menzilini Osakadaky Izumisano şäheri bilen birikdirýän köprä süsdi.

Uçar gatnawlaryna ýapyk bolan howa menziliniň käbir bölümlerinde elektrik tok ýok.

Howa menziliniň uçar gatnawlaryna haçan açyljakdygy entek bilinenok.


Etiketkalar: howa menzili , tupan , Ýaponiýa

Degişli Habarlar