“Halka iň az derejede zyýan ýetirip, terrorçylary Idlibden çykarmaga synanyşýarys”

Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif Siriýada halka iň az derejede zyýan ýetirip, terrorçylary Idlibden çykarmaga synanyşýandyklaryny öňe sürdi

“Halka iň az derejede zyýan ýetirip, terrorçylary Idlibden çykarmaga synanyşýarys”

Jewad Zarif Eýranyň Mejlisiniň Dikeldiş komissiýasy bilen geçiren duşuşygyndan soň, döwlet telewideniýesine beren beýanatynda Idlibdäki hadysalaryň üstünde durup geçdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif Siriýada halka iň az derejede zyýan ýetirip, terrorçylary Idlibden çykarmaga synanyşýandyklaryny belledi.  

 ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň Twitterde Siriýa barada beren beýanatyny tankyt eden Zarif, Trampyň dartgynly ýagdaýy özüniň içerki syýasy maksatlary üçin ulanmak isleýändigini habar berdi.

Trampyň ABŞ-däki abraýynyň gowy bolmandygyny we ýene-de bir gezek Siriýanyň halkyna garşy etjek ädimleri bilen düzeltmek isleýändigini aýdan Zarif: ABŞ-lileriň ekstremizm we terrora garşy göreşde gowy bir gündeliginiň bolmandygyny belläp geçdi.

Zarif: “ABŞ, Siriýa babatynda gyrada durmaly we hiç kim Siriýadaky ýagdaýy öz içindäki syýasy maksatlary üçin ulanmaly däl” diýdi.


Etiketkalar: Idlib , Siriýa , Jewad Zarif , Eýran

Degişli Habarlar