Eýran ýadro ylalaşygynyň goralyp saklanmagy üçin Ýewropanyň işe girişmegini isleýär

Amerikan hökümeti 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygyndan bir taraply ýagdaýda çekilmeginden soň Eýrana geçen aý sanksiýa goýupdy

Eýran ýadro ylalaşygynyň goralyp saklanmagy üçin Ýewropanyň işe girişmegini isleýär

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi, ýadro ylalaşygynyň goralyp saklanmagy üçin sanksiýalaryň ikinji tapgyrynyň güýje girjek güni bolan 5-nji noýabra çenli Ýewropanyň işe girişmelidigini aýtdy.

ABŞ-nyň bir taraply ýagdaýda ylalaşygyndan çekilmeginden soň Ýewropa ýurtlarynyň ylalaşygyň goralypp saklanmagy üçin noýabr aýyna çenli işe girişmelidigini Arakçi “Eger mesele çözülmän halatynda ylalaşygy dowam etdirmegiň biziň üçin hiç hili peýdasy bolmaz” diýdi.

Eýranyň döwlet telewideniýesine beýanat beren Arakçi, ýadro ylalaşygyny özü üçin howpsyzlyk meselesi hökmünde görýän Ýewropanyň ylalaşygy gorap saklamaga çalyşýandygyny emma häzire çenli hiç hili netije alnyp bilinmändigini belledi.

Amerikan hökümeti 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygyndan bir taraply ýagdaýda çekilmeginden soň Eýrana geçen aý sanksiýa goýupdy.

Energetika pudagyny hem öz içine alýan sanksiýalaryň ikinji tapgyry 5-nji noýabrda güýje girer.

 



Degişli Habarlar