“Eýran sanksiýalara garamazdan nebit eksportyny dowam etdirer”

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ABŞ-niň sanksiýalaryna garamazdan nebit önümçiligini we eksportyny dowam etdirjekdiklerini habar berdi

“Eýran sanksiýalara garamazdan nebit eksportyny dowam etdirer”

Buşehr welaýatynyň Aseluýe şäherinde 3 nebit-himiýa taslamasynyň açylyş dabarasyna gatnaşan Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani döwlet telewideniýesinde göni ýaýlym arkaly beren beýanatynda duşmanlar tarapyndan taýýarlanan dildüwşükde täze bir etaba girilendigi barada duýduryş berdi.

Sanksiýalara garamazdan nebit-himiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini aýdan Ruhani, Eýranyň ykdysady we psihologik söweşe sezewar galandygyny belläp: “Bu söweşiň iň hatarynda ykdysadyýetiň agramly bölegini emele getirýän nebit, gaz we nebit-himiýa pudaklary bar. Duşman bize sanksiýa girizmek islän mahaly, bu pudaklara garşy göçüm edýär” diýdi.

ABŞ-niň täze sanksiýalary bilen ýurdyň özygtyýalylygyny nyşana alandygyny , emma sanksiýalaryň özlerini duruzyp bilmejekdigini aýdan Ruhani: “Biz ähli güjümiz bilen hem nebit önümçiligine hem-de nebit eksportyna dowam ederis” diýdi.


Etiketkalar: eksport , nebit , Eýran

Degişli Habarlar