Arif Alwi Pakistanyň täze prezidenti boldy

Pakistanda düýn geçirlen prezident saýlawynyň resmi bolmadyk netijelerine görä, Pakistan Adalat hereketiniň dalaşgäri Arif Alwi Pakistanyň täze prezidenti boldy

Arif Alwi Pakistanyň täze prezidenti boldy

Ýurtda federal parlamentiň iki ganady bilen 4 welaýat mejlisinde geçirlen saýlawdan soň sesler sanalmaga başlandy.

Saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä, federal parlamentiň aşakky we ýokarky ganadynda 430 ses berildi.

Arif Alwi federal parlamentden 212 ses aldy.

Prezident saýlawyna oppozisionerleriň adyndan dalaşgärlige hödürlenen Mewlana Fazlurrahman 131, Pakistan Halk partiýasynyň dalaşgäri Aitzaz Ahsan bolsa 81 ses aldy.

Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri resmi bolmadyk netijelere garamazdan Alwiniň täze prezident hökmünde saýlanandygy hakyndaky habarlara ýer bermäge başlady.

Pakistanyň täze prezidenti 5 ýyllyk wezipesine 9-njy sentaýbrda başlar.

 


Etiketkalar: saýlaw , prezident , Pakistan , Arif Alwi

Degişli Habarlar