Ak Tam Idlibdäki soňky wakalar barada beýanat berdi

Ak Tamyň Metbugat sekretarlygy, ABŞ-niň Idlibdäki soňky hadysalar bilen bagly pozisiýasy barada ýazmaça beýanat berdi

Ak Tam Idlibdäki soňky wakalar barada beýanat berdi

ABŞ-niň hökümeti Siriýanyň Idlib şäherindäki hadysalary ýakyndan gözegçilik edýändiklerini belläp: “Eger Başar Asad ýaňadandan himik ýarag ulanmagy saýlasa, ABŞ we hyzmatdaşlary örän tiz ýagdaýda garşylyk görkezer, bu babatdaky pozisiýamyz anykdyr” diýip bellendi.

Ak Tamyň Metbugat sekretarlygy, ABŞ-niň Idlibdäki soňky hadysalar bilen bagly pozisiýasy barada ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda: “ABŞ, Russiýa we Eýran tarapyndan goldanýan Asada tabynlykdaky güýçleriň howpy astynda bolan millionlarça bigünä adamyň ýaşaýan Siriýanyň Idlib sebitindäki hadysalary ýakyndan gözegçilik edýär. Prezident Donald Tramp bular ýaly bir hüjümiň şonsuzam erbet bolan çaknyşygy has hem erbetleşdirjekdigini we ýüz müňlerçe adamyň janyny howp astyna atjakdygy barada duýduryş beripdi” diýip bellendi.

“Açyk bolalyň, eger Başar Asad ýaňadandan himiki ýarag ulanmagy saýlasa ABŞ we hyzmatdaşlary tiz ýagdaýda garşylyk görkezer, bu babatdaky pozisiýamyz anykdyr” diýip nygtalan beýanatda meseläniň çözgüdi üçin diplomatik ýollaryň saýlanmalydygyna ünsler çekildi.


Etiketkalar: Başar Asad , hökümet , ABŞ

Degişli Habarlar