“ABŞ dollary beýleki ýurtlary jezalandyrmak üçin ulanýar”

Russiýanyň Daşary işler minstri Sergeý Lawrow ABŞ-niň milli pul birligi bolan dollary beýleki ýurtlary jezalandyrmak üçin ulanýandygyny habar berdi

“ABŞ dollary beýleki ýurtlary jezalandyrmak üçin ulanýar”

Sergeý Lawrow Russiýanyň Perwyý Kanal telewideniýe kanalyna beren beýanatynda: “Dollar halkara walýuta we finans ulgamydyr. Bu dogrumy? Hawa, dogry. Her kim muny kabul etdi, onlarça ýyllap bu düzgün bilen ýaşadyk we ABŞ-niň esasy walýuta eýesi hökmünde jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmegini umyt etdik” diýdi.

Lawrow resmi Waşingtonyň beýlekileri jezalandyrmak üçin dollary basyş enjamy hökmünde ulanýandygyny belläp: “Edil şol bada dollaryň üsti bilen edilýän bank operasiýalarynyň ählisini doňdurýarlar. Hemde muny diňe jezalandyrmak isleýän ýurtlaryna garşy däl, eýsem bu ýurt bilen gatnaşyk saklaýan ähli ýurtlara garşy edýärler” diýdi.



Degişli Habarlar