“Türkiýäniň Siriýa babatyndaky pozisiýasy kesgitleýji rol oýnaýar”

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas Türkiýäniň Siriýa babatyndaky pozisiýasynyň kesgitleýji rol oýnaýandygyny belledi

“Türkiýäniň Siriýa babatyndaky pozisiýasy kesgitleýji rol oýnaýar”

Heiko Maas 5-6-njy sentýabr aralygynda Türkiýä gurajak saparynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugrunyň Siriýanyň Idlib sebitindäki ýagdaýyň boljakdygyny beýan etdi.

Geçiren metbugat ýygnagynda Türkiýä gurajak sapary barada beýanat beren nemes ministr: “Biz Idlibde adamzat tragediýasynyň öňüni almak üçin ähli çäreleri göreris. Bu meniň şu hepdäniň çerşenbe we penşenbe güni Türkiýä gurajak saparymyň esasy ugry bolar” diýip belledi.

Idlib meselesinde Ankaranyň örän möhüm bir partnýordygyny aýdan Maas: “Türkiýäniň pozisiýasy, Russiýanyň we şol sebäpli Asada tabynlykdaky güýçleriň geljekde etjek hereketleri üçin kesgitleýji rol oýnaýar” diýdi.

Maas Idlibdäki ýagdaýyň örän we örän möhümdigini we harby çözgüdiň sebitde adamzat tragediýasyna ýol açjakdygyny habar berdi.

Iş saparynyň çäginde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşyk geçirjek Maasyň mundan başgada Prezident Rejep Taýýip Erdogan we TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrym tarapyndan hem kabul edilmegine garaşylýar.

Maasyň Türkiýede geçirjek duşuşyklarynda Türkiýe-Germaniýa gatnaşyklary, Türkiýäniň ÝB-e agza bolmak etaby bilen sebitleýin we halkara meseleler ele alynar.

Maas mundan başgada Stambuldaky Nemes liseýiniň döredilmeginiň 150 ýyllygy mynasybetli 2018-2019 täze okuw ýylynyň açylyşyna gatnaşar. Çärä ministr Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşar.


Etiketkalar: Idlib , Heiko Maas , Germaniýa

Degişli Habarlar