Siriýalylar ÝPG/PKK we DAİŞ-den saplanan ýerlere dolanýarlar

Ýurtlaryndaky içerki uruşdan gaçyp, Türkiýä gelen käbir siriýalylar “Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýalary bilen ekstremist terror guramalary ÝPG/PKK we DAİŞ-den saplanan ýerlere dolanyp barýarlar

Siriýalylar ÝPG/PKK we DAİŞ-den saplanan ýerlere dolanýarlar

Zenanlar we çagalar bilen birlikde we ellerinde “Sagbol Türkiýe”, “R.T.Erdogana we türk esgerlerine sagbolsun aýdýarys”, “Biziň bilen çöregini we suwuny paýlaşandygy üçin türk milletine sagbolsun aýdýarys” diýlen ýazgylar bilen Kilis welaýatyndaky Önjüpynar Migrasiýa müdirligine baran 200 siriýaly ulaglar bilen ýurtlaryna ugradyldy.

“Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýalary bilen saplalan Azaz, Mara, Soran, Aktarin, Çobanbeý, Afrin, Jaranlus we Bab etraplaryna dolanyp barýanlaryň sany günsaýyn artýar.

Migrasiýa welaýat müdirligi tarapyndan 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda başladylan “Meýletin yza dolanyş maksatnamasynyň” çäginde häzirki wagtda ýurtlaryna dolanan siriýalylaryň sany 80 müňe ýetdi.


Etiketkalar: çaga , zenan , PKK , ÝPG

Degişli Habarlar