Hindistanda otlydan gaçyp ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hindistanda soňky 5 aýda 406 adam, wagonlaryň daşynda ýolagçylyk etmekleri sebäpli otlydan gaçyp ýogaldy

Hindistanda otlydan gaçyp ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hindustan Times gazedinde berilen habarlara görä Demir ýollar edarasynyň resmisi Niket Kauşik, şu ýyl Mumbai şäherinde otlylardan gaçyp ýogalan adamlaryň sanynyň geçen ýyllara garanyňda artandygyny habar berdi.

Kauşik şu ýylyň ýanwar aýyndan iýun aýyna çenli 406 adamyň otlylardan gaçyp ýogalandygyny, 871 adamyň bolsa agyr ýaralanandygyny mälim etdi.

Bu sanyň geçen ýylyň şol döwründe 360-dygyny aýdan Kauşik adamlaryň otlylaryň doly bolmagy sebäpli ýolagçylaryň ýolagçylygyny gapylardan ýapyşyp etmekleri sebäpli bolýandygyny beýan etdi.

Resmiler otlylaryň gapylarynda ýolagçylyk etmegiň gadagandygyny, şu ýyl jemi 5 müň 105 ýolagça şol sebäpli jeza berilendigini habar berdi.


Etiketkalar: otly , Hindistan

Degişli Habarlar