Demirgazyk Koreýadan ABŞ-e çagyryş

Demirgazyk Koreýanyň hökümeti, ABŞ-e Günorta Koreýa bilen soňky wagtlarda ösýän diplomatik gatnaşyklary paltalajak ädimlerden uzak durmaga çagyrdy

Demirgazyk Koreýadan ABŞ-e çagyryş

Demirgazyň Koreýanyň hökümetiniň başyndaky Komunist partiýasynyň ýaýlym organy "Rodong Sinmun" gazedinde çap edilen habarda, resmi Waşingtonyň tekiz däl diýip garaýan meseleleri bahana edip, Koreýalaryň arasyndaky hyzamtdaşlyga päsgel bermeli däldigi beýan edildi.

Habarda: “Koreýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegi, ABŞ-niň maksatlaryna garşy däldir. ABŞ, Demirgazyk-Günorta hyzmatdaşlygyna päsgel bermäge synanyşsa, özüne mesele ýüze çykarmakdan başga zat etdigi bolmaz” diýdi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, ýurdyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň geçen hepde Phenýana gurajak saparyny goý bolsun edipdi.

Resmi Waşington, Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragsyzlanma babatynda açyk bir meýilnama görkezmedigi saýyn sanksiýalaryň ortadan aýrylmagy we Koreýalaryň arasynda hemişelik bir parahatçylygyň üpjün edilmegi babatynda ädimleriň edilmegine garşy bolýar.

Bu ýagdaý bolsa Günorta we Demirgazyk Koreýalaryň hökümetleriniň iň kiçi hyzmatdaşlygy etmekde hem ikirjiňlenme etmeklerine sebäp bolýar. Geçen aý iki ýurdyň arasynda aragatnaşygy artdyrmak üçin aragatnaşyk býurosynyň döredilmegini öz düzüminde jemleýän meýilnama, býuronyň kim tarapyndan dolandyryljakdygy we çykdajylaryň kim tarapyndan beriljekdigi babatynda ylalaşyk gazanylmandygy sebäpli yza süýşürildi.



Degişli Habarlar