Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy Somalide guralan hüjümi ýazgardy

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy Somaliniň paýtagty Mogadişuda düýn irden guralan bombaly hüjümi ýazgardy

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy Somalide guralan hüjümi ýazgardy

Guramanyň Baş sekretary Ýusuf Bin Ahmed Al Oseýmin, Mogadişuda düýn bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy we “Asuda ilaty we hökümete degişli binalary nyşana alan hyýanatçylykly hüjüm, Somalide parahatçylyk we durnuklylyk tagallalaryny bökdemek maksady bilen guralandyr” diýdi.

Hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildiren we ýaralananlara gyssagly şypa dilän Oseýmin,  Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň halkara parahatçylyga we howpsyzlyga zeper ýetirýän hereketlere garşy tutum alyp barýandygyny belledi we terrora garşy halkara hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi çagyryşyny berdi.

Somaliniň paýtagty Mogadişunyň merkezindäki Holodag etrapçasynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümiň jogapkärçiligini Şebab guramasy öz üstüne aldy.

 

 



Degişli Habarlar