Yrakda hökümetiň gurulmagy üçin işe girişildi

Beýanatda şärikligiň 177 halk deputatyndan ybaratdygy nygtaldy we hökümetiň gurulmagy üçin ýeterlik sana ýetilendigi bellenildi

Yrakda hökümetiň gurulmagy üçin işe girişildi

Yrakda maý aýynda geçirlen saýlawyň ýeňijisi Mukteda As Sadr, Premýer ministr Haýdar Al Abadi, şaýy liderlerden Ammar Al Hekim, ozalky premýer ministrlerden İýad Allawi we Wise-prezidenti Osame Nujeýfi, hökümetiň gurulmagy baradaky işleriň çäginde  mejlisde iň uly şärikligi döretdi.

Syýasy partiýalardan berlen beýanatda Sairun, Nars, Milli Hikmet, Wataniýýe, Karar hyzmatdaşlygy bilen birlikde Yrak Türkmen frondynyň we Kerkuk Arap halk deputatlarynyň gatnaşmagynda iň uly şärikligiň döredilendigi nygtaldy.

Beýanatda şärikligiň 177 halk deputatyndan ybaratdygy nygtaldy we hökümetiň gurulmagy üçin ýeterlik sana ýetilendigi bellenildi.


Etiketkalar: hökümet , Yrak

Degişli Habarlar