Szinpin BMG-na çagyryş etdi

Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpin “Dünýäde köp taraplylyk we BMG-niň pozisiýasyny hemişekisinden has möhüm” diýdi

Szinpin BMG-na çagyryş etdi

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä döwlet Başlygy Szinpin paýtagt Pekindäki Teinanmyn meýdanyndaky Uly halk zalynda BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy.

Szinpin häzirki şertlerde bir taraplylygyň we söwda taýdan hemaýatkärligiň halkara ulgamyna hem-de global dolanşyk ulgamyna agyr zarba urýandygyny nygtap; “Dünýäde köp taraplylyk we BMG-niň pozisiýasyny hemişekisinden has möhüm” diýdi.

BMG-niň global äsgermezçiliklere jogap berip biljek umumy galkynyşda we global hyzmatdaşlykda berk pozisiýa eýelemegine garaşýandygyny beýan eden Hytaýyň döwlet Başlygy resmi Pekiniň düýpli özgertmeleriň geçirilmegi baradaky pozisiýasynyň üýtgemejekdigini aýtdy.

Szinpin ähli taraplary söwda erkinligine we ýeňilligine sarpa goýmaga gönükdirmek üçin anyk çäreleri iş ýüzüne geçirmegi we açyk dünýä ykdysadyýetini gurmagy arzuw edýändiklerini nygtady.

Afrikanyň parahatçylygyna we galkynyşyna golaw bermegiň BMG-niň ahlak borjunyň bardygyny nygtan Hytaýyň döwlet Başlygy Szinpin, BMG-niň Afrika aýratyn üns bermelidigini aýtdy.

BMG-niň baş Sekretary Guterreş bolsa köp blokly dünýä gurmak ugrundaky tagallasyna laýyklykda BMG-niň resmi Pekin bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändigini beýan etdi.


Etiketkalar: BMG , Si Szinpin , Hytaý

Degişli Habarlar