Saud Arabystany Ýemende okuwçylary daşaýan awtobusy ýalňyşlyk bilen nyşana alandyklaryny boýun aldy

Saud Arabystanynyň öňbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçler Ýemende mekdep okuwçylaryny daşaýan awtobusy ýalňyşlyk bilen nyşana alyp, hüjüm gurandyklaryny boýun aldy

Saud Arabystany Ýemende okuwçylary daşaýan awtobusy ýalňyşlyk bilen nyşana alandyklaryny boýun aldy

Ýemende 9-njy awgustda mekdep okuwçylaryny daşaýan awtobusyň nyşana alynmagy bilen bagly beýanat berildi. 

Saud Arabystanynyň öňbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçler 40-y çaga bolan jemi 51 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen howa hüjüminde ýalňyşlyk edilendigini kabul etdi. 

Hyzmatdaş güýçler tarapyndan geçirilen derňew işiniň çäginde wakada ýalňyşlyklara ýol berilendigi mälim edildi. 

Wakanyň jogapkärleriniň jezalandyrylmagynyň gerekdigi bellendi. 

 



Degişli Habarlar