Kasymi İdlib meselesiniň iňňän çylşyrymlydygyny beýan etdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Bahram Kasymi Siriýanyň İdlib şäherindäki meseläniň iňňän çylşyrymlydygyny we ýekeje maslahat bilen çözülmejekdigini beýan etdi

Kasymi İdlib meselesiniň iňňän çylşyrymlydygyny beýan etdi

Kasymi nobatdaky hepdelik metbugat ýygnagynda beren beýanatynda İdlibdäki meseläniň çözülmeginiň ýeňil bolmajakdygyna ünsi çekip; “İdlib oppozisionerleriň soňky merekezi bolmagy taýdan iň çylşyrymly meselelerden biri” diýdi.

Metbugat ýygnagynda “Anadoly” habarlar gullugynyň mesele baradaky soraglaryna-da jogap beren Kasymi Siriýanyň meselesiniň ýekeje maslahatda çözüljekdigi pikiriniň mantyga sygmaýandygyny nygtap, Türkiýäniň we Russiýanyň gatnaşmagynda 7-nji sentýabrda Tähranda geçiriljek Siriýa meselesindäki maslahatyň ýurduň parahatçylygynyň we howpsyzlygynyň has-da berkidilmegine goşant goşup biljekdigini beýan etdi.

Ýadro maksatnamasynyň dowam etdirilmegi barada-da durup geçen Kasymi, Ýewropa döwletleriniň ylalaşygyň dowam etdirilmegi barada Eýrana hödürlän teklibiniň üstünde işlenýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar