Gresiýanyň Daşary işler ministri ertir iş sapary bilen Türkiýä geler

Myhman daşary işler ministri Koçias Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen birlikde Baş konsullygyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşar

Gresiýanyň Daşary işler ministri ertir iş sapary bilen Türkiýä geler

Daşary işler ministrliginden berlen beýanata görä, Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Koçias, Gresiýanyň Izmir şäherinde ýerleşýän  Baş konsullygynyň abatlanan täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ertir Türkiýä geler.

Myhman daşary işler ministri Koçias Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen birlikde Baş konsullygyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Beýanatda Daşary işler ministri Çawuşoglynyň açylyş dabarasynyň çäginde grek kärdeşi bilen özara duşuşyk geçirjekdigi we iki taraply gatnaşyklar hakynda pikir alyşjakdygy nygtaldy.


Etiketkalar: myhman , konsullyk , Gresiýa

Degişli Habarlar