BMG Liwiýada çaknyşyklardan gaça durulmagyny talap etdi

Liwiýanyň paýtagty Tripolide Milli ylalaşyk hökümetine tabynlykdaky harby toparlaryň arasynda bolan çaknyşyklarda 14 adam ýogaldy

BMG Liwiýada çaknyşyklardan gaça durulmagyny talap etdi

BMG-nyň Liwiýadaky ynsanperwerlik işleri boýunça kordinatorlygy bir hepdeden bäri dowam edýän çaknyşyklarda 4-i çaga 14 adamyň ýogalandygyny, 100 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

BMG taraplardan ilatly ýerlerde çem gelen ýerde ýaragyň ulanylmazlygyny, çaknyşyklardan gaça durulmagyny hem-de gepleşikleriň başlamagyny talap etdi.

Beýanatda Tripolide asuda ilata garşy raketa hüjüminiň guralmagy sebäpli halkyň gorkuly pursatlary başdan geçirendigine üns çekildi.

Liwiýanyň paýtagty Tripolide birnäçe wagtdan bäri Milli ylalaşyk hökümetine tabynlykdaky harby toparlaryň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär.

 

 


Etiketkalar: çaknyşyk , Tripoli , BMG , Liwiýa

Degişli Habarlar